Türkmeniň täsin tebigat dünýäsi

23 Oktýabr 2024
306

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň goňşy we daşary ýurtlary bilen ykdysady, ylym-bilim, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky halkara gatnaşyklary barha ösýär. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň syýahatçylygy ösdürmekdäki iň bir gyzyklanma döredýän ugurlarynyň biri hem türkmen tebigatyna gezelençdir. Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleriniň kitaphanalarynda saklanýan gadymy ýazgylarynda syýahatçylaryň we alymlaryň galdyran türkmenler barada maglumatlaryny görmek we okamak bolýar. Ýurdumyzyň dag ulgamlary, düzlükleri, çägeli-çöllükleri - başga hiç ýerde duş gelmeýän täsinlikleri özünde jemleýär. Ülkämiziň haýwanat we ösümlik dünýäsi bu täsinlikleri has hem baýlaşdyrýan gözellikleriň biridir. Hatda öz raýatlarymyzyň köpüsi hem bu täsinlikler bilen doly tanyş däldir.

Şaira BAÝLYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.