“Wagt” düşünjesi ýa-da sagat önümçiliginiň taryhyndan

22 Oktýabr 2024
307

Gadymy döwürlerden bäri adamlar “wagt” diýlen düşünje bilen içgin gyzyklanypdyrlar. Olar ilkibaşda ýyldyzlara we Güne seredip, wagty hasaplamaga synanyşypdyrlar. Günüň asmandaky hereketine seredipdirler, kölegeleri synlapdyrlar, gum sagatlaryny synag edipdirler. Uzak Gündogar ýurtlarynda bolsa, tütün edilip, onuň tüssesiniň belli bir wagta dowam etmegi bilen wagty ölçäpdirler. Gadymy Müsürde we Gresiýada ilkinji suw sagatlary ulanylypdyr. Olar daşdan ýasalan suw sagatlarynyň içine suwuň dolmagy ýa-da boşamagy bilen wagty ölçäpdirler. Suw sagadynyň başga bir görnüşi bolsa, suwly gabyň içine atylýan bir tarapy deşilen demir gutujykdan ybarat bolupdyr. Kiçijik deşiginden suw girip, ýuwaş-ýuwaşdan çümüp başlan demir guty belli bir wagtdan soňra suwuň düýbüne çökmegi bilen wagt ölçegini görkezipdir.

Sagat önümçiliginiň kämilleşiş döwri XVI asyrdan başlanýar. 1524-nji ýylda nemes gulp ussasy Peter Henliýen taryhda ilkinji bolup, tow berilýän sagady ýasaýar. Bu sagadyň binýadynda ilkinji jübi sagatlary öndürilip başlanýar. 1550-nji ýyllarda bazarlarda ilki nemes we fransuz, soňra bolsa şwed hem-de iňlis sagat öndürijileri peýda bolýar. 1656-njy ýylda ilkinji yrgyldawaçly sagatlar öndürilip başlanýar. Sagadyň bu görnüşi hakyndaky pikiri G.Galileýiň oýlap tapandygy we çyzgysyny hem taýýarlandygy, ýöne ýasap ýetişmändigi hakyndaky çaklamalar-da bar. 1675-nji ýylda oňa tehniki kämillikler girizilip, sagadyň ýüzüne minutyň çyzyklary we görkeziji dilleri ýerleşdirilýär. 1704-nji ýylda Dulliýer atly sagat ussasy sagadyň minutlaryny görkezmek üçin goýlan tüwi dänejiklerini brilliantlar bilen çalyşyp, sagat önümçiliginiň taryhynda uly öňegidişlik edýär. Onuň kaşaň önümi özüniň gymmat bahasy bilen ýokary gatlaklaryň ünsüni özüne çekýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Jangeldi IŞANKULYÝEW,
Çärjew etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.