«Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagynda»

23 Oktýabr 2024
362

Men Köpetdagyň eteginden ugur alyp, ýokarlygyna uzalyp gidýän owadan dag ýodalaryny külterläp, köňlümiň aramyna tarap barýaryn. Bu ýodalardan belende galdygyňça, Arkadag şäheriniň gözelligini juda ýakyndan görüp hem duýup bolýar. Täze şäher bilen tebigat özara sazlaşyp heýjana getirýär. Burnuňa güýzüň howasy urlup, duýgular ummanyna çümdürýär. Ynha, men sähra-düzlerde karar tapman, dag tebigatynyň täsinlikleriniň içinde ylhama gark bolup ýörşüme, kert gaýalardan aýlanyp, «egrem-egrem jülgelerden ýol ýasap», daga çykýaryn. Töwerege nazarymy aýlaýaryn. Ynha-da, ýene-de aňymda bir täsin pikir, üýtgeşik düşünje «dogulýar». Daglaryň üstünden dünýä bakýaryn: daglaryň arkasynda daglar bar. Honha, şu daglaryň içinde iň beýik dag. Emma onuň arkasynda-da daglar bar. Men daglaryň üstünden daglar görünýändigini çeper şygyrlaryň üsti bilen bilýärdim. Ýöne, näme üçindir, şu wagta çenli ol pikire ýa-ha kembaha garapdyryn ýa-da gaty üns bermändirin. Ynha, daglara çykyp täsin bir duýga gaplandym. Näme üçin daglar ýeke dälkä, näme üçin olaryň arkasynda geriş-geriş daglar durýarka? Olar dag ahyry!? Eýsem, daglar ähli gaý-tupanlara, ýel-ýagmyrly synaglara çydamly bolmaly dälmidir?! Olar ähli kynçylyklara gara daşlaryny öňe tutup, döş gerip, ýel-harasatlara döz gelmeli dälmidir, eýsem?!. Ynha, gözüňe söweýin, şu beýik gara daglaryň arkasynda-da «dag ýaly» äpet daglar dur. Eýsem, sarsmaz beýik daglar arkasyny daglara diremän ýaşap bilmeýän bolsa, onda adam pahyr munda ýalňyz neýlesin?! Eýsem, meniň arkamda-da durmuşda şeýle beýik daglar barmyka hem olar kimlerkä? Men bu tebigy sowala: «Hawa, bar! Olar kimler we nämeler diýlende, meni dünýäde bar eden Biribar we Watan hem-de onuň beýik Serwerleri, meniň eziz mähribanlarym, şeýle hem ýaşaýşa synmajak umytlarym we beýik söýgim» diýip jogap bererdim.

Köpetdagyň güýzügen agras tebigatynyň içinde aýlanyp ýörün. Magtymguly Pyragynyň «Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagynda» diýen setiri gulagymda ýaňlanyp gidýär. Kalbymdan bolsa ýaşlyk ýyllaryndan galan yşky owazlar eşidilip başlaýar: «Göýä, ýitirip tapan mähriban tanşy ýaly, meni ykbal ýollary alys menzillere sary alyp gidip otyr. Belki, men häzir otludadyryn, belki-de, uçarda. Ýöne özümiň senden barha-barha daşlaşyp barýanymy duýýaryn. Ýöne aralarymyz näçe daşlaşdygyça, seniň mähriban keşbiň gitdigiçe ulalyp, meni öz erkime goýanok. Indi men öz hossaryndan jyda düşen bir mysapyr kişä öwrülip barýaryn. Meniň gulagymda kän-kän gaýtalanan şol pyşyrdylaryň aýdyma öwrülip, kalbyma gozgalaň salýar... Sen nirede? Belki, sen meni agtaryp-agtaryp, tapman, tapdan düşüp, çöl-beýewanlarda, şu uç-gyraksyz nätanyş dag-derelerde azaşyp ýörensiň?! Eşidýärmiň? Men bärde! Diňe seniň görüp biljek, başga hiç kimiň çykyp bilmejek täsin bir dag belentliginde! Belki, seniň nazarlaryňy häzir nätanyş ykballar egleýändir?! Men yşk dagynyň depesinde! Men häzir söýgimiň saralan güýzi bilen sen hakynda «söhbet» edýärin. Seret! Maňa tarap nazaryňy aýlasaň, hökman meni görersiň!»...

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.