Umumadamzat bähbitlerini nazarlap

23 Oktýabr 2024
423

Eziz Diýarymyzda taryhy ähmiýetli, giň gerimli maksatnamalaryň, taslamalaryň, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik syýasy özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli artýar, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş şertleri barha gowulanyp, durmuş goraglylygy ýokarlanýar. Netijede bolsa, barha kämilleşýän jemgyýetimiz we berkarar döwletimiz demokratik ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu taryhy döwürde ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar hem-de ykrar edilýär. Güneşli Watanymyz diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary hem ileri tutup, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna güwä geçýär.

Türkmenistan BMG-niň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerinde halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolan möhüm meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýar. Sanlyja ýylyň içinde ata Watanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Bitaraplygyň türkmen nusgasy BMG-niň ýörelgeleri we maksatlary bilen sazlaşýar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki abraýy barha artýar. Amatly daşary syýasat şertlerini üpjün etmek bilen ýurdumyz jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek, halkara demir ýollaryny, gaz geçirijilerini, ençeme desgalary gurmak ýaly iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýar.

Döwranberdi JEPBAROW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiriniň orunbasary, maýor.