Şanly wakalar bilen şöhratlanýan zamana

23 Oktýabr 2024
331

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryha zer harplarda ýazylýan şanly wakalary biri-birine ulaşýar. Il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň aýdyň güwäsine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem şol wakalaryň hatarynda buýsanç bilen görkezmek bolar.

Türkmen halkynyň bagtyýar, abadan, eşretli durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşleriň hem-de rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly çykyşlary «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryň berkarar döwletimiziň müdimilik ýörelgesidiginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Taryhy mejlisde kabul edilen ilhalar çözgütler ýurdumyzyň ähli taraplaýyn ösüşini, halkymyzyň eşretli, sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde döwletimiz tarapyndan ägirt uly aladalaryň edilýändigini ýene bir ýola görkezdi.

Kömek ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.