Dürdäne eserden ruhlanyp

23 Oktýabr 2024
312

Welaýat köpugurly hassahanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jiltiniň çapdan çykmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahat lukmanlaryň täsirli çykyşlaryna beslendi. Olaryň öz çykyşlarynda belleýişleri ýaly, täze kitabyň neşir edilmegi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza özboluşly sowgat boldy. Lukman Arkadagymyzyň bu ylmy-ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenilendir. Milli Liderimiziň ençeme ýyl ozal başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitaby aýratyn ähmiýete eýedir. Bu düýpli ylmy iş Gündogar lukmançylygynyň, görnükli tebipleriň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribelerini öz mazmunynda jemleýär.

Täzegül BABAŞEWA,
Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.