«Ak altyn» berekedini eçilýär

23 Oktýabr 2024
383

Ýurdumyzda daýhan hojalyklaryna, kärendeçilere 99 ýyla çenli möhlet bilen ýeriň peýdalanmaga berilmegi ekerançylygy ösdürmekde, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde, oba ilatyny päk zähmete höweslendirmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Şunuň esasynda welaýatlarda döredilen ýörite ýer gaznalary hususy önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde uzakmöhletleýin peýdalanmaga berildi.

Men hem 2021-nji ýylda Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigine degişli Garamätnyýaz ýaýlasyndan 34 gektar ýeri 99 ýyla çenli uzakmöhletleýin peýdalanmaga aldym. Ene ýere yhlasyňy siňdirip, gujur-gaýratyňy gaýgyrmasaň, bereketli hasylyny eçilýär. Ýylyň-ýylyna bugdaýdan, gowaçadan hasyl almakda ýokary netijeleri gazanyp gelýärin. Aslynda, daýhançylyk bilen 25 ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanýaryn. Şol geçen ýyllar meniň tejribämi artdyryp, abraýa we hormat-sarpa ýetirdi.

Akmyrat RAPBIMOW,
Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi.