«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzy ähli ugurlarda ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly anyk wezipeler kesgitlenendir. Hormatly Prezidentimiz biziň — talyp ýaşlaryň kämil bilim alyp, ösen tehnologiýalardan baş çykarmagymyz, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolup, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmagymyz barada yzygiderli aladalanýar. Munuň üçin hemme şert-mümkinçilikleri döredýär.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Döwletimizi çalt depginde ösdürmek, ykdysady taýdan kuwwatlandyrmak boýunça ençeme maksatnamalar durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, olary taýýar önüme öwürmek üçin ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalary guruldy we kämil önümçilik ýola goýuldy. Şeýle bolansoň, talyp ýaşlara hem döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanmak galýar. Geljekde özümize bildirilýän belent ynamy ödemek üçin ökde hünärmenler bolmagy öz öňümizde borç edinýäris.