Rysky miweli baglarda

23 Oktýabr 2024
426

Daýhançylygy, bagçylygy özüniň bereket çeşmesine öwren, ene ýerden rysgal tapýan ildeşlerimiziň sany ýylsaýyn artýar. Şolaryň biri-de Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Mäşpaýa obasynyň ýaşaýjysy, indi ençeme ýyldan bäri bagçylyk bilen meşgullanýan Agamyrat Hatamowdyr. Alty onlugy arka atan bagban öz bagynda miweli daragtlaryň alma, armyt, garaly, şetdaly, üzüm ýaly görnüşlerini ýetişdirýär. Onuň obanyň «Ýigit mürze» diýen atyzynda 5 ýyl mundan öň eken alma nahallary bol hasyl getirýär. Häzirki günlerde-de bagda alma ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Hasyldan göwni galkynan tejribeli bagban özüniň geçen zähmet ýoly, bagçylygyň inçe syrlary hakynda şeýle gürrüň berdi:

— «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, ata-babalarymyň kesp-käri maňa-da geçipdir. Men hem çagalygymdan atamyň hünärini dowam etdirmegi arzuwlardym. Durmuş öwrümleri meni bu arzuwyma biraz gijräk ýetirdi. Mugallymçylyk ugrundan ýokary bilim alyp, köp ýyllaryň dowamynda ýaş nesillere bilim berdim. Ýüregimde bolsa şol çagalyk arzuwymy göterip ýaşadym. 2019-njy ýyldan bagbançylyk bilen ymykly meşgullanyp başladym. Maňa şol ýylda obamyzyň ilersinden miweli baglary ýetişdirmek maksady bilen şertnama esasynda 3 gektar ýer bölünip berildi. Dostluk şäherinden tejribeli bagban Akmyrat Töräýew ilkinji ädimleri ätmegime uly ýardam berdi. Onuň maslahaty bilen bag ýerimize almanyň bäş görnüşinden jemi 2 300, garalynyň bolsa 250 düýp nahalyny we beýleki miweli agaçlaryň käbir görnüşini ekdim.

Atanyýaz ZÜLPIÝEW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.