Gezen — derýa

22 Oktýabr 2024
366

«Garrygala myhman barsaň, // Gujagyny geren daglar» — diýýän bagşynyň hoş owazy her sapar göwün guşumy al-asmana uçuryp goýberende, biygtyýar gözlerimi ýumup, Hasar dagyna, Soňudaga, Gerkez obasyna gaýybana syýahat ederdim. Emma bu sapar welin, hyýalymdaky şol keremli ýerlere baryp görmek miýesser etdi.

Gadymy Gerkez obasynyň çetinden dagy etekläp gidýän Sumbar derýasy birgeňsi şildiräp, özüne maýyl ediji aýdym bolup, saz bolup, şygyr bolup döredijilik hyjuwy bilen akyp ýatyr. Onuň täsin owazyna diň salyp, ylhamyňa hyjuw berýän gudratyna uçradym. Men bu gözel mekana ýetmek üçin ak mermere beslenen Aşgabat hem Arkadag şäherleriniň üsti bilen ganat baglap uçup geldim. Ýolugra gadymy Nohur obasynyň täsinliklerini synlap, ir-iýmişlerinden dadyp, lezzet aldym. Ussat tebigatyň nepislik bilen döreden bu künjeginiň dag ýoly bilen göni Gerkez obasyna gelenimde, bu obanyň her daban ýeri maňa juda eziz göründi. Gele-gelmäne Sumbar derýasy bilen didarlaşmaga howlukdym. Onuň buz ýaly durnagöz suwundan goşawujymy dolduryp içmäge hyýallanan çagym edil golaýjagymdan bir ýerden:

Şemşat AKGAZAKOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýeňiş» obasynyň ýaşaýjysy.