Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi — barlygyň gymmatly baýlyklary

22 Oktýabr 2024
387

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp genetik gaznasyny gorap saklamak, köpeltmek, ylmy taýdan öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek şu günki günüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şunda Garagum sährasynyň ekologik ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça bellenen çärelerem ünsden düşmeli däldir.

Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň umumy eýeleýän 49,12 million gektar meýdanynyň 38,5 million gektaryny Garagum tutýar. Ol Türkmenistanyň düzlük çäkleriniň köp bölegini eýelemek bilen, ir wagtlardaky derýa akymlarynyň çökündileriniň hasabyna dörän çäge-çöllüge degişlidir. Çöl meýdanlary täsin ekologik ulgam bolup, onuň biodürlüligi köp sanly ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerini öz içine alýar.

Pirli KEPBANOW,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.