Kärhanada işler talabalaýyk alnyp barylýar

21 Oktýabr 2024
230

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) taýýarlanýan önümleri ýurdumyzyň içerki sarp edijilerine we daşarky bazarlarda ýerlemekde gazanylýan ýokary netijelerde «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ähmiýeti uludyr. «Kenar» ýurdumyzdaky iň baýry kärhanalaryň biridir. Onuň düýbi 1886-njy ýylda şol wagtky Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçylarynyň doganlar Nobelleriň nebit ammarlary üçin ýer parçasyny bölüp bermek barada beren rugsatnamasy esasynda tutulan. 2006-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda TNGIZT-niň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy diýlip atlandyrylýar.

Irki döwürde kärhanada durkuny täzelemek işleri, esasan, 1965 — 1968-nji ýyllarda ýerine ýetirildi. Onuň umumy meýdany — 271,80 ga. Häzirki wagtda kärhanada 720-den gowrak adam işleýär.

Aýterek ANNAMYRADOWA,
TNGIZT-niň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň maşinisti.