Dünýäniň iň iri haly öndürijileri

20 Oktýabr 2024
276

Taryhy Ýakyn Gündogar ýurtlarynda başlan bu sungat daşlardan ýasalan önümlerden, gaýalaryň ýüzüne çekilen şekillerden soňky dörän sungat diýsek hakykatdan daş düşmeris. Haly diýlende, iň bir gadymy zatlaryň hakydamyza dolmagy hem şundandyr. Özüniň ýakymy, ýaramy bilen häzirki döwürlere çenli gelip ýeten bu önüm ýyllarboýy adamzat tarapyndan aýawly saklanan zatlaryň hatarynda hasaplanýar. Häzirki wagtda dünýä halklarynyň arasynda haly önümçiliginiň dürlüçe alnyp barylmagy hem taryhy akymlaryň netijeleridir.

Dünýäde türkmen tebigatynyň keşbi, merdana halkymyzyň kalbynyň owazy siňen, elinden dür dökülýän türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünäri bilen sungat derejesine ýetirilen, gözelligiň nusgasy hasaplanýan türkmen halysy bilen bäsleşip biljek haly ýokdur. Biziň bu gezekki söhbedimiz türkmen halysy barada bolman, türkmen halysynyň gözelligi, berkligi, ýaramlylygy bilen bäsleşip biljek dünýädäki haly öndürmek bilen meşgullanýan iň iri kärhanalar barada bolar.

Sahypany taýýarlan: Sadap MUHAMOWA,
«Biznes reklama».