Görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň usullary

20 Oktýabr 2024
600

Mekdepde matematika sapagynyň dowamynda çaganyň aňynyň kämilleşmeginde, akyl-paýhas işjeňliginiň artmagynda, bilim derejesiniň, pikirleniş ukybynyň ösmeginde, öz ýalňyşyny düzetmekde we beýleki sapaklaryny özleşdirmekde küşt oýnunyň aýratyn täsiri bar. Küşt oýnunda meseleler, mysallar we testler uly orun tutýar hem-de onuň çaganyň logiki pikirlenmek ukybyny ösdürmekde, küşti durmuşda ulanmak başarnygyny we dialektiki dünýägaraýşyny kemala getirmekde ähmiýeti uludyr. Matematika sapaklarynda mekdep okuwçylaryna küşt oýnuny öwretmegiň pedagogikanyň ähli talaplaryna laýyk gelýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr. Ol çaganyň aňyny ösdürýär, gözýetimini giňeldýär, kanagatlylyk, sabyrlylyk häsiýetlerini kämilleşdirýär.

Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmekde peýdalanylýan öwrediji oýunlar birnäçe toparlara bölünýär:

Gyzylgül AKADOWA,
Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.