Hans maýsner: «zähmetiňe berlen baha iň uly bagtdyr»

19 Oktýabr 2024
288

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçesine dünýäde meşhur kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi professor Hans Maýsneriň ady dakyldy.

Bu nemes kardiohirurgynyň lukmançylyk ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň kemala gelmegine we ösmegine, türkmen lukmanlarynyň arasynda halypa-şägirtlik mekdebiniň döredilmegine, kardiohirurgiýa ugrundan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap usullar arkaly kämilleşdirilmegine goşan şahsy goşandynyň ykrarnamasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň adyny dakmak biz üçin uly hormatdyr» diýip belledi. Gahryman Arkadagymyz türkmen-german gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokary depginde ösdürilýändigini hem-de bu babatda Hans Maýsneriň goşandynyň uludygyny nygtady.

«Saglyk».