Sport — dostlugyň we parahatçylygyň ýoly

19 Oktýabr 2024
370

Sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Ata Watanymyz Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu gurama agza döwletleriň 87-siniň awtordaş bolup gatnaşmagynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Kabul edilen bu çözgüt Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdigine doly şaýatlyk edýär. Resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi bu çözgüdiň tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin örän möhümdiginiň hem-de ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany bolup, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryna esaslanýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygyny dünýä ýaýýar. Bu möhüm resminama halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kalbymyzy joşduran bu hoş habar eziz Diýarymyzyň sport abraýyny dünýä ýüzünde has-da belende göterýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen täze Kararnamanyň kabul edilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen eziz Diýarymyzda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artýandygyna, adam, onuň abadan durmuşy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatyna öwrülip, bedenterbiýäniň we sportyň halkymyzyň gündelik durmuşynyň, nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň aýrylmaz bölegine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilmegi ata Watanymyzyň sebitde we dünýäde sporty ösdürmekde gazanýan üstünlikleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan doly ykrar edilýändigini tassyklaýar. Şu ýylyň 24-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde gözel Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyza bildirilýän uly ynamyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, wagyz etmekde, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda eziz Diýarymyzyň tagallalarynyň doly ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi bolsa ýurdumyzda sportuň olimpiýa görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Aýna GURBANSÄHEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.