Semizlik

19 Oktýabr 2024
299

Semizlik — bu bedende ýag dokumasynyň artykmaç toplanmagy bolup, özbaşdak ýa-da dürli keselleriň esasynda ýüze çykýan keseldir. Semizlik süýjüli diabet, howply çişiň käbir görnüşleri, önelge ulgamynyň işiniň bozulmagy ýaly agyr keseller bilen bile geçip, ýürek-damar keselleriniň döremeginde esasy sebäpleriň biri bolup durýar.

Semiz adamlarda süýjüli diabet, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri, howply täze döremeler ýygy duş gelýär. Şeýlelikde, semizlik, ýagny artyk agramlylyk näsaglaryň gündelik ýaşaýşynyň hiliniň erbetleşmegine, ömrüniň dowamlylygynyň gysgalmagyna getirýär.

Orazbibi OTUZOWA,
Daşoguz saglygy goraýyş anyklaýyş merkeziniň endokrinolog lukmany.