Ýeňişlere uzaýan menziller

19 Oktýabr 2024
276

Milli sportumyzyň ajaýyp ösüşleri her birimizi buýsandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň binýadyny goýan sport syýasaty sport ulgamynyň taryhy ösüşleriniň özeni bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik işler bu ugra özboluşly öwüşgin çaýyp, ýetilen belent sepgitleriň möhüm tapgyry hökmünde çykyş edýär. Şunlukda, türkmen sporty halkara giňişlikde täze üstünliklere sary ynamly gadam urýar. Dünýä hem yklym çempionatlarynda gazanylýan ýokary netijeler, dürli derejeli oýunlardaky üstünlikler bu hakykatyň aýdyň beýanydyr.

Elbetde, halkara derejedäki netijeler milli sportumyzyň ösüşli menzilleriniň görkezijisidir. Şol netijelere biziň ýokary okuw mekdebimizde — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan türgenleriň hem mynasyp goşant goşýandyklaryny bellemelidiris. Munuň özi türgenleriň kämillik ojagy bolan institutymyzda bilim alýan ussatlaryň ukyp-başarnygyndan habar berýär. Şol bir wagtyň özünde hem, ýaşlaryň bu ýerde döredilýän giň şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýandyklarynyň nyşanydyr.