Gadymy mekanyň müdimi söhbetleri

17 Oktýabr 2024
371

Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda mekan tutan ata-babalarymyz bu toprakda binagärlik ýadygärlikleriniň ençemesini nesillere ýadygär galdyrypdyrlar. Şol ýadygärlikleriň adynyň dünýä dolmagyna tutuş ömrüni bagyşlan alymlaryň sarpasy halkymyzda hemişe belent tutulýar. 16-njy oktýabrda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk hem şu topragyň şöhratly taryhyny dünýä ýaýmakda uly işleri bitiren meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Foruma sanly ulgam arkaly Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary hem goşuldylar.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzyň çar künjegindäki taryhy ojaklar, gymmatly ýadygärlikler yzygiderli öwrenilip, olaryň goraglylygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan netijeli işler ýerine ýetirilýär. Müdirligiň Moskwanyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa instituty we Sankt-Peterburgyň Maddy medeniýetiň taryhy instituty bilen bilelikde döreden türkmen-rus arheologik ekspedisiýalarynyň alyp barýan işleri barada forumda täsirli çykyşlar edildi.

«Edebiýat we sungat».