Agzybir maşgala — kuwwatly Watan

17 Oktýabr 2024
410

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli dünýä nusgalyk beýik işleriniň netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet hakyndaky arzuwy hasyl boldy. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar raýatlary halal zähmetiň hözirini görüp, asuda, abadan durmuşda agzybir ýaşaýarlar.

Asyrlarboýy başyndan geçiren gowgalary, çylşyrymly taryhy wakalary türkmen halkynda durnukly milli häsiýetleri kemala getiripdir. Türkmen hut öz bedewini seýisleýşi ýaly, halysyny sünnäleýşi ýaly, öz nesline edep-terbiýe bermegi we şonuň netijesinde özünde asylly milli häsiýetleridir endikleri hem kämilligiň ýokary derejesine çykarmagy başarypdyr.

Ylýas METDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.