Kämil keşdäň kalbyň seniň

16 Oktýabr 2024
391

Düýn Arkadag şäheriniň Bagt köşgi toý-dabaralary merkezinde «Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty hem-de Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde guradylar.Türkmen keşdeçilik sungatyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik esasy üç şerti öz içine aldy. Şeýlelikde, 1-nji orna Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Sülgünjemal Begmyradowa, 2-nji orna Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Gülkamar Suhanowa, 3-nji orna Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy Jennet Pürliýewa mynasyp boldy. Bäsleşige işjeň gatnaşanlar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar.

Ogulnar BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň esasy hünärmeni.