Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen

16 Oktýabr 2024
432

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ykdysadyýetimiziň düýpli döwrebaplaşdyrylýan wagtynda demir ýol ulgamynyň hünärmenlerine hem uly talaplar bildirilýär. Şol talaplar olaryň işiniň dürli ugurlaryny — hojalygyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bazary öwrenmegiň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemek we häzirki zaman wagonlaryny netijeli peýdalanmak, ýolagçylar üçin hyzmatlaryň we howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, işgärler üçin iş şertlerini döretmek ýaly ugurlary gurşap alýar.

Türkmenistan halkara ýollarynyň strategik taýdan möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, üstaşyr gatnawlary amala aşyrmaga uly mümkinçiligi bolan döwlet hökmünde ulag pudagynda ençeme iri taslamalary durmuşa geçirmegi teklip edýär. Bu taslamalar ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir.

Merdan IŞANGULIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.