Ýygymyň depgini güýçlenýär

16 Oktýabr 2024
378

Bereket etrabynyň «ak altyn» ussatlary pagta ýygymynyň depginini barha güýçlendirýärler. Etrabyň daýhan birleşiklerinde şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçileriň sany gün-günden artýar. «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň pagtaçy daýhanlarynyň «ak altynly» pellerindäki joşgunly zähmeti synlanyňda hem göwnüň göterilýär. Daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçisi Döwletmämmet Gazakbaýewiň 4 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan harmana tabşyran hasyly 40 sentnerden geçdi. Meretgylyç Garajaýewiň 10 gektar kärende ýerinden harmana goşan hasyly 27 tonnadan gowrak boldy. Kärendeçiler Perhat Garaýewiň 12 gektardan alan hasyly 23 tonnadan, Nurly Gulatarowyň 5 gektardan alan hasyly bolsa 10 tonnadan geçdi.

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhan birleşigimiz boýunça 650 gektar meýdandan 800 tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Ekin meýdanlarymyzda her gün ir säherden öndürijilikli zähmet joş urýar. Pagta hasyly entek kän. Meýdanlardaky hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap alarys — diýip, «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň başlygy Goýunly Goýunlyýew gürrüň berýär.

(Öz habarçymyz).