Yhlasa — myrat

16 Oktýabr 2024
338

Ýurdumyzda iş başarjaň, guramaçy adamlara ekerançylyk meýdanlarynyň 99 ýyllyk möhlete ulanmaga berilmegi daýhandan daýhany, telekeçiden telekeçini saýlaýar. Uzak möhletleýin ýer alan telekeçilerdir daýhan hojalyklary özleri üçin döredilip berilýän şertlere, kömek-goldawlara yhlasly zähmeti bilen jogap berýärler. Şu ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhlarynyň artdyrylmagy bolsa has öndürijilikli zähmete itergi berdi. «Şu günki üstünlik — ertirki borçnama» diýen şygara eýerilip, topraga agrotehniki talaplara laýyklykda hyzmatlar ýola goýlup, ýerleri artdyryp däl-de, az ýerden bol hasyl almak tejribesine daýanylýar.

Şu ýyl Mary welaýatynyň gallaçylary Watana 345 müň tonna guşgursak bugdaý tabşyryp, uly abraýyň eýesi boldular. Häzir Murgap jülgesinde täze ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişi gyzgalaňly alnyp barylýar. Pagta ýygymy hem guramaçylykly dowam edýär. Bu işde aýry-aýry kärendeçiler, telekeçiler, daýhan hojalyklarynyň önüm öndürijileri has-da gaýrat görkezýärler. Garagum etrabyndan telekeçi Setdar Hommadow hem şol işewürleriň biri. Ol maşgala agzalary bilen etrabyň Ýagty ýol geňeşliginiň çäginden umumy meýdany 2 müň 400 gektara deň ýeri uzak möhletleýin kärendesine alypdyr. Şol meýdanyň agramly bölegi sürümli ekinlere niýetlenen. Anyk aýtsak, 1004 gektarda gowaça, 970 gektarda bugdaý, 300 gektarda hem gant şugundyry ekilip, bol hasyl ýetişdirilýär. «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýişleri ýaly, telekeçiniň yhlasy myrat tapýar. Ol oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirip, oňat girdeji alýar. Setdar Hommadow şu ýylyň galla oragy möwsüminde döwlet ammaryna guşgursak bugdaýyň 2 müň 72 tonnadan gowragyny tabşyrdy. Geçen ýyl bolsa onuň Watanyň «ak altyn» harmanyna goşan hasyly 3 müň 668 tonna ýetip, her gektaryň hasyllylygy 36 sentnere barabar boldy. Kärendeçiniň aýtmagyna görä, şu ýylyň pagta hasyly hem geçen ýyldakydan artyk bolmasa, kem bolmaz. Onuň harmana her günki tabşyrýan pagtasynyň mukdary, ortaça 26 — 30 tonna barabar eken.

(Öz habarçymyz).