Ýazyň hem güýzüň şahyry hasaplanýan Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi, onuň şygyrlarynyň täsiri edebiýaty söýüjiler üçin aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Güýz paslynyň özboluşly keşbi, tarypy şahyryň şygyrlarynda giňden şöhlelenýär. Bu paslyň tarypy şahyryň dilinde söz bilen çekilen ajaýyp suratdyr diýsek has hem ýerine düşer.
Edebiýatyň görnükli wekilleriniň biri bolan Gurbannazar şahyryň güýz baradaky şygyrlary edebiýat sapaklarynda öwrenilýär. Özümiň okadýan synplarymda güýz pasly bilen bagly guraýan sapaklarymyň täsirli bolmagy üçin taýýarlanýaryn. Sapakda şahyryň peýzaž, tebigat hakdaky goşgularynyň içinde altyn güýz baradaky goşgularynyň aýratyn saýlanyp durýandygy, ol goşgularyň şahyryň «Ýer-gögüň arasynda» atly ýygyndylar toplumynda ýerleşdirilendigi barada okuwçylara maglumat berýärin. Şahyryň bu ajaýyp pasla bagyşlap, «Güýz», «Güýz peýzažy», «Sonetler çemeni» ýaly şygyrlarynyň mazmuny barada okuwçylara giňişleýin düşünje berýärin. Şahyryň güýz paslyny hiç bir şahyra meňzemeýän derejede täsirli taryplandygyna goşgy setirleriniň üsti bilen okuwçylaryň ünsüni çekýärin. Mysal üçin: