Döwrebap bilim özgertmeleri

15 Oktýabr 2024
486

Maglumat hem-de innowasiýa tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän döwründe bilim ulgamynda täze wezipeler, usullar, serişdeler we çemeleşmeler kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň maksady ýurdumyzda ähli zadyň gözbaşy bolan ylmy ösdürmekden ybarat bolup durýar. Ozaly bilen, ýurduň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny durmuşa giňden ornaşdyrmak maksadynda möhüm resminamalar we wajyp maksatnamalar kabul edildi. Şu nukdaýnazardan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» uly ähmiýete eýedir. Görnüşi ýaly, bilim özgertmelerinde möhüm resminamalar kabul edilýär, okatmagyň hili, bilim öwretmegiň usullary barha kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň geljegi hem-de kuwwaty ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz üçin bäsdeşlige ukyply hem-de zehinli ýaşlary terbiýelemekde, olary öz kärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, dünýä ylmynyň gazanan döwrebap usullary, şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrylan özgertmeler üstünliklere beslenýär. Bilimiň, ylmyň yzygiderli ösmegi bilen ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara berilýän bilim hem döwrebaplaşdyrylýar. Ýaşlara bilim bermegiň, ylym öwretmegiň täze-täze tejribeleri durmuşa ornaşdyrylýar. Bilim ojaklary bilimiň esasy daýanjy bolan kompýuter enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlardan yhlasly okamagy, ukyp-başarnygyny yzygiderli ösdürip durmagy talap edýär.

Täjibaý TAŇRYBERDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.