“Milli ýörelge – köpe görelde”

11 Oktýabr 2024
313

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp-dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala-döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp-dessur esasynda ýöredýär.

Hawa, türkmen halkynyň gyz edebine, nesil terbiýesine garaýyşlary barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň: “Gyz edebi - il edebi” diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýelden-Günden gorap kemala getiren perzendiň diňe bir boý-syratyna däl, eýsem başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt.Türkmen gyzy diýlende, sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüňe gelýär. Gyz edebi ene-mamalarymyz üçin iň wajyp borç we jogapkärçilik hasaplanylypdyr.

Gülçehra RAHMEDOWA,
Çärjew etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň özüňi alyp barmagyň medeniýeti mugallymy, Kärdeşler arkalaşuygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.