Akyldaryň döwletlilik taglymaty

10 Oktýabr 2024
558

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özünden öň ýaşap geçen türkmen akyldarlarynyň, alymlarynyň, şahyrlarynyň döwletlilik ýörelgeleri babatdaky taglymatlaryny ösdürip, täze röwüşde kämilleşdiripdir. Bu babatda Magtymguly üçin türkmeniň döwletlilik düşünjesini öwrenmekde we wagyz etmekde Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki döwleti binýat etmek, ony gurmak, dolandyrmak baradaky öňe sürlen öwüt-ündewler uly ähmiýete eýe bolupdyr. Akyldar şahyr öz pederi Döwletmämmet Azadynyň döwlet gurmak babatdaky pikirini öz şygyr setirlerine salyp, giň köpçülige has düşnükli dilde wagyz edipdir.

Beýik akyldar türkmen halkynyň özbaşdak döwletli bolmak arzuwyny şahyrana setirlerde ussatlyk bilen beýan edipdir. Halk Magtymgulynyň döwletli bolmak islegini goldap, ýüreklerinde göteripdirler.

Maýa BEKNAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.