Sagdynlyk — baş ýörelgämiz

10 Oktýabr 2024
398

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap hassahanasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň sport mekdebinde türgenleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda «Sagdynlyk — baş ýörelgämiz» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk täsirli boldy.

Duşuşykda çykyş edenler berkarar Watanymyzda ýaş nesilleri watançylyk, zähmesöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler barada gürrüň berdiler. Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdyp, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler.

Hurmagül ANNAGURBANOWA,
Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy, tälimçi-mugallym.