Baýramçylyga ajaýyp sowgat

10 Oktýabr 2024
369

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bosagasynda, Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylaryna hem-de saglygy goraýyş işgärlerine ajaýyp sowgat berildi. Mary şäheriniň Togrulbeg köçesiniň ugrunda gurlan welaýatyň hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýokary hil derejesinde bina edip, onuň içinde ulgama, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna degişli, Ýewropa ýurtlarynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasiýa we sanly ulgama daýanýan lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrypdyrlar. Bu döwrebap binany gurduryp beren Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize welaýatyň saglygy goraýyş işgärleri we bagtyýar ýaşaýjylary tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş aýdýarlar. Ildeşlerimiziň buýsançly ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirýäris.

Ogulnabat AGAJANOWA,
Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri, Mary şäher halk maslahatynyň agzasy:

Ýazga geçiren Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.