«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň baýlyk gözleýjileri birbada iki guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Olar Uzynada baýlyklar känindäki 80, Demirgazyk Goturdepe baýlyklar känindäki 415 belgili ulanyş maksatly guýulardan «gara altynyň» we gaz kondensatynyň senagat akymyny almagy başardylar.
Geçirilen gazuw işleriniň netijesinde Uzynada meýdançasyndaky taslama çuňlugy 6800 metr bolan guýynyň 6652-6659 metr çuňlugyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy. Önümli guýy «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berlip, ol bir gije-gündizde 85 müň kub metr tebigy gaz we 73 tonnadan gowrak kondensat berýär. Kämil burawlaýyş enjamlarydyr desgalary bilen üpjün edilen Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Demirgazyk Goturdepe känindäki taslama çuňlugy 4870 metr bolan guýynyň 4536-4539 we 4564-4569 metr çuňluklaryndan nebitiň senagat akymyny aldylar. «Gara altynly» guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzir bir gije-gündizde 35 tonna nebit berýär.