Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

9 Oktýabr 2024
268

Şeýle at bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda geçirilen maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi. Maslahatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda gazanylýan ösüşler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň düýpli özgertmelere eýe bolýandygy, häzirki zaman keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleriniň, ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, şypahanalaryň, derman senagaty kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi buýsanç bilen bellenildi. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Akbäbek Satlykowa,
«Balkan». Surata düşüren Alýona Pakulowa.