Kesbinden kemal tapan halypa

7 Oktýabr 2024
375

Ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň eýesi boldy

Yhlasyny, ykbalyny sungata bagyş edenleriň ykrary-da başgaça. Ol ykrar, halkyň kalbyndaky hormat-söýgüden başlanyp, ýurt, döwlet derejesine çenli göterilýär, hatda ondan-da belentlige sary ýol salýar. Şeýle ajaýyp ykrara mynasyp bolmak üçin geçilmeli synagdan doly ýollar hem üýtgeşik. Ol ýollarda duş gelýän ynsanlar, şaýat bolunýan pursatlar, başdan geçirilýän wakalar... bularyň ählisi beýik bir ömrüň taryhyny ýazýar, ol ömrüň eýesiniň adyny ebedileşdirýär. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Nebit-gaz».