Kärhananyň işi ileri

7 Oktýabr 2024
509

Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli hojalyk himiýasy önümleri dünýä bazarlarynda hem mynasyp orun alýar. «Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasy-da şeýle islegli önümçiligi ýola goýmak bilen, ony barha ilerledýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhananyň ýuwujy serişdeleri öndürýän we gaplaýan zawody 2019-njy ýylyň mart aýynda açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda onda işçileriň 150-si öndürijilikli zähmet çekýär. Italiýa, Germaniýa, Türkiýe ýaly ýurtlaryň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhananyň ýyllyk kuwwaty ýuwujy serişdeleriň 50 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde ähli işler kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. Önümleriň ýokary hilli bolmagy üçin desganyň çäginde merkezi barlaghana hereket edýär. Onda öndürilen önümleriň we ulanylýan çig mallaryň hilini barlamak işleri innowasion enjamlar arkaly geçirilýär. Işläp başlanyna ýaňy 5 ýyl bolan kärhananyň önümleriniň Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Russiýa, Estoniýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara eksport edilýändigi has-da guwandyryjydyr.

Gyzylgül AMANLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.