«BEÝIK BINALAR GÖRNER...»

1 Oktýabr 2024
476

Dünýäde geň-taňlyklar kän. Olar bilen sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly gaýybana tanyşyp oturşyňa merdana halkymyzyň “Ýagşyny görmek – jennet” diýen pähimli sözi ýadyňa düşýär. Ganatly jümleleriň birinde hem “Gözellik gözlerde şöhlelenýär” diýilýär. Emma dünýädäki geň-enaýy binalary synlanyňda, öz gözleriňe ynanjagyňy-da bilmersiň, ynanmajagyňy-da. Kalbyňdaky duýgulary aňlatmak üçin, Magtymguly Pyragynyň “Ol gudrat işlere akyl haýrandyr” diýen setirlerini zybana getirip, özüňden bidin kelläňi ýaýkaberersiň.

Bu ýagdaýda il içinde “Hany, onda iýeniň-içeniň özüňki, gören-eşideniňden habar ber!” diýlişi ýaly, dünýäniň geň-enaýy binalarynyň käbiri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Toýly ORAZOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.