Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgärleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barylýan döwründe ýaş zähmetkeşleriň armasyny ýetirip, öňdebaryjylary höweslendirip durýarlar. Bu asylly ýörelgä häzirki pagta ýygymy möwsüminde hem berk eýerilýär. Etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri tarapyndan şu ýyl 21 müň 900 gektar meýdanda pagtanyň ýokary hasyly ýetişdirildi. Bol-bereketli hasylyň ýetişdirilmeginde ýaş daýhanlaryň mynasyp paýy bar. Häzirki jogapkärli günlerde olar bol hasylly atyzlardaky pagtany isripsiz ýygnap almakda tutanýerli zähmet çekýärler.
Pagta ýygymynda köp sanly ýaş ýygymçylar hem daýhanlara ýardam edýärler. Olar ir-ertirden giç agşama çenli gowaça meýdanlaryndaky ak patrak kimin açylan hasyly ýygnamakda yhlasly zähmet çekýärler. Ýaşlar guramasynyň wekilleri bolup, pagtaçylar bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armasyny ýetirip durýarys, aýratyn tapawutlanýan pagtaçy ýaşlara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurýarys. Bu bolsa, olary zähmet üstünligine ruhlandyryp, gymmatly baýlygymyz bolan ak pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almaga bolan hyjuwyny artdyrýar.