Ça­ga­lar dur­mu­şyň gü­li

3 Oktýabr 2024
561

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Alym Arkadagymyz: «Çagalaryna söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Ata-babalarymyzyň bu ajaýyp ýörelgesi Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatynda hem öz ornuny tapdy. Bu gün biziň Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolýan ülkesidir diýip arkaýyn aýdyp bileris» diýip, buýsanç bilen nygtaýar.

Hakykatdan-da, ata-babalarymyz nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin çaga terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Merdana pederlerimiz ýaş nesli adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyrýan, bagtyýarlyga ruhlandyrýan, durmuş ýoluna şamçyrag ýaly nur saçýan şahyrana eserleriň ençemesini döredipdirler we nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Muňa halk döredijiliginiň ertekiler, rowaýatlar, matallar, sanawaçlar, läleler, ýaňyltmaçlar ýaly dürli goşgularyny okanymyzda hem aýratyn göz ýetirýäris. Türkmen nakyllarynda, atalar sözlerinde, ertekilerde, ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginde terbiýe aýratyn orun eýeleýär. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Öý ýaraşygy çaga, supra ýaraşygy — myhman» diýen nakyllar nesilden-nesle geçip gelipdir.

Aýgözel IŞADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranty