Watanyň kuwwaty — ýaşlar

2 Oktýabr 2024
395

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda ýaş nesilleri watansöýüjilik, däp-dessurlarymyza, gadymy gymmatlyklarymyza, asylly ýol-ýörelgelerimize belent sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, berk bedenli, hünärli ýaşlar edip ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döwrüň iň täze tehnologiýalaryndan baş çykarmaklary, ösen aň-düşünjeli, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri babatda taýsyz tagallalar edilýär. Döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, türkmen ýaşlary Diýarymyzyň dürli künjeklerindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde okap, döwrebap bilim alýarlar, hünär öwrenýärler.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu bolsa ylym-bilime höwesli ýaşlara giň ýollary açýar.

Ogulsapar ÖWEZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.