Taryhy wakalaryň ýyly

2 Oktýabr 2024
344

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrýan türkmen ili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda abadan ertirine barýar. Geçen ýyllarymyzyň Garaşsyz döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalary il-günümiziň göwnüni galkyndyrdy. Şeýle ýörelgäniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaçlanýandygy ýokary ruhubelentligi döredýär.

Şygaryny türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehinden dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan gözbaş alan üstümizdäki ýylyň ýeňişli sepgitleri rowaç alýar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramçylygynyň halkara derejesinde toýy uludan tutulýan üstümizdäki ýyl geçmişi şöhratly, şu güni bagtyýar we geljegi abadan halkymyzyň hakydasynda ýatdan çykmajak yz galdyrar. Toý dabarasy alyslara aşýan taryhy senäniň dabaraly çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu tagallalar bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sylag-sarpasynyň hemişe belentdediginiň aýdyň subutnamasydyr.