«Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!»

1 Oktýabr 2024
715

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli göz öňünde tutulýan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminamada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, geljek ýylyň dowamynda halkara derejedäki çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmak bellenilýär.

Geljek ýyl BMG tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýaşaýar. Şu geçen ýyllarda Garaşsyz Watanymyz dünýäde hoşniýetlilige, birek-birege ynanyşmaga eýerýän, parahatçylygy, asudalygy berkarar etmek üçin yzygiderli tagalla edýän döwlet hökmünde uly abraýa eýe boldy. Baky Bitaraplykdan gelip çykýan bu mizemez ýörelgelere eýerýän ýurdumyzyň saýlap alan ýolunyň dogrudygyny wagt birkemsiz subut etdi.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».