TÄZE OKUW ÝYLY – TÄZE BAŞLANGYÇLARYŇ BINÝADY

1 Sentýabr 2024
331

Güneşli Diýarymyzda ýylyň-ýylyna Sentýabr aýynda Bilimler we talyp ýaşlar güniniň uludan bellenilmegi diňe bir täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösüşiň belentliklerine tarap ilerlemegine aýratyn ähmiýetiň berilýändiginiň hem aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, milli ylym-bilim ulgamynda ajaýyp özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda täze okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär, hem-de öňden bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenip, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda gaýtadan işlenilip, kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge tarap giň gerimli mümkinçilikleriň açylmagy, ýurduň tebigy baýlyklaryny rejeli ulanyp, gaýtadan işleýän kuwwatly senagatyň döredilmegi öz nobatynda täze iş ugurlary boýunça döwrebap ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ökde hünärmenleri talap edýär. Şeýlelikde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hem täze 2024-2025-nji okuw ýylynda hünärine ezber ykdysatçy hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, täze bakalawr hem-de magistr taýýarlyk ugurlary açyldy. Täze okuw ýylynda institutymyzda bakalawr maksatnamasy boýunça «Ykdysadyýet we dolandyryş» taýýarlyk ugurlary boýunça: ykdysadyýet, ykdysadyýet we hukuk, buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit, ykdysady howpsuzlyk, statistika, sanly ykdysadyýet, maliýe we bank işi, dünýä ykdysadyýeti, menejment, kärhananyň ykdysadyýet we dolandyrylyşy, önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy, döwlet we ýerli dolandyryş, zähmetiň ykdysadyýeti, marketing, işewürlik-informatika, halkara söwda, şeýle-de magistr maksatnamasy boýunça «Ykdysadyýet we dolandyryş» taýýarlyk ugurlary boýunça: ykdysadyýet, maliýe menejmenti, dünýä ykdysadyýeti, işewürlik-dolandyryş ýaly ugurlaryna talyplyga kabul edildi.

Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallym-öwrenijisi.