Bilim

30 Sentýabr 2024
505

Dil bilen dünýäni gezer

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyklygyny üpjün etmek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, iş başarnyklaryny yzygiderli ösdürmekde okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işleri utgaşdyryp dowam etdirmek möhümdir. Ýurdumyzyň bilim işgärleri şu wezipelerden ugur alyp, öz işlerini göwnejaý guraýarlar, dürli bäsleşiklere, halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlara gatnaşýarlar.

Gülbahar ASADULLAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.