Halk hakyndaky alada

30 Sentýabr 2024
372

Eziz Diýarymyzda her ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Onuň dowamynda ýol hereketiniň kadalaryny düşündirmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işleri we beýleki dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem biraýlygyň ýokary guramaçylyk ýagdaýyny üpjün etmek maksady bilen ýörite meýilnama tassyklanyp, onda göz öňünde tutulan wezipeler ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalary tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny, abadan durmuşyny goramak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksadynda täze kanunlaryň kabul edilip, döwlet derejesinde düýpli işleriň durmuşa geçirilýändigi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtoulag ýollarynyň, köprüleriň, awtomenzilleriň gurulýandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Bularyň ählisi ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň halk üçin edýän uly aladalarynyň netijesidir.

Çynar ÖWLÜÝÄGULYÝEWA,
Balkanabat şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekiller bölümçesiniň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.