Halal zähmetiň rehneti

27 Sentýabr 2024
407

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli 25-nji sentýabrda paýtagtymyzda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary hormatly atlara, orden-medallara mynasyp boldular. Şeýle-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça bu dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar.

«Nesil».