Hal­ka da­ýa­nyp, hal­kyň ha­ty­ra­sy­na

27 Sentýabr 2024
368

Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bo­lup dur­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, jem­gy­ýe­tiň je­bis­li­gi­niň has-da ber­ki­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Mu­ňa biz onuň ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­rin­de, her ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän mej­lis­le­rin­de il-ýurt bäh­bit­li mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gin­de aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. 24-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si hem bu ha­ky­ka­ty no­bat­da­ky ge­zek açyp gör­kez­di.

Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len umu­my­mil­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösüş hem ro­waç­lyk ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň, şä­her­le­riň hä­kim­le­ri, we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, mäh­ri­ban ene­ler, ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­den jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri, beý­le­ki ça­gy­ry­lan adam­lar gat­naş­dy­lar.