Erkinlik we jebislik taglymaty

26 Sentýabr 2024
396

Güneşli Diýarymyza her ýyl tylla güýz gelende, ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda bagtyýar halkymyzyň kalby ruhubelentlik, milli buýsanç duýgularyna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýen sözlerinde bu beýik hakykat has äşgär görünýär. Elbetde, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler asyrlara barabarlygy bilen ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň bu döwür içinde ägirt uly taryhy galkynyşy başdan geçirendigi hem bu günki gün äleme äşgär.

Garaşsyzlygyň röwşen şuglasynyň halkymyzyň aňyýetini, ruhyýetini özgertmekdäki ähmiýeti has uludyr. Halkyň jemgyýetçilik aňynda taryhy-ruhy jebisligiň, milli mertebäniň binýadyny berkitmek ýaly gymmatlyklar örboýuna galdy. Garaşsyzlyk — bu diňe bir ýurduň syýasy-ykdysady taýdan erkinligini aňladýan çäkli düşünje däl-de, eýsem, ol raýatlaryň bir bitewi millet, halk bolup kemala gelmegini hem şertlendirýär. Halkyň jebisligi, il-ýurduň bähbidi üçin bir maksada gulluk etmek ýörelgesi Garaşsyzlygyň düýp mazmunynda jemlenýär.

Nurjahan MÄMMEDOWA,
welaýat Adalat bölüminiň esasy maslahatçysy.