2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň we 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetli aýratynlyklaryndan, bu babatda kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň halkara syýasy giňişligiň ygtybarly agzasy hökmünde açyk, parahatçylyk söýüji, oňyn we aýdyň daşary syýasaty alyp barýandygyny, sebitleýin hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde dünýäde uly orun eýeleýändigini, özüniň Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak arkaly halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnamasynyň we hereketleriň Maksatnamasynyň wajyplygyny nazara alyp, Ýer ýüzüniň köp sanly döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly, birek-birege ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary saklaýandygyny göz öňünde tutup, şeýle hem döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli göz öňünde tutulýan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, karar edýärin: