Aýna SEÝITKULYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýesi:
— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň we maşgalamyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara baý ýyl boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda men «Türkmenistanyň at gazanan artisti» ady bilen sylaglandym. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlary ösdürmek, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda amala aşyrylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Bize okamaga, öwrenmäge, hünärimizi kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!