Döwletliligiň binýady

25 Sentýabr 2024
302

Berkarar Diýarymyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn beýik işler, gazanylýan ösüşler, döwleti dolandyrmak babatdaky asylly özgertmelerimiz Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrdy, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33  ýyllyk toýuny ýokary ruhubelentlik bilen toýlaýar. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň ýoluna eýerilip, halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasy saýlanyp alyndy. Ýokary wekilçilikli häkimiýet edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Ol türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýar. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemleýär. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribelerine esaslanyp, adamzat paýhasynyň, dünýä siwilizasiýasynyň çalt depginlerdäki ösüşiniň barşynda ýurdumyzda döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýady kemala getirildi.

Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk eýýamlaryň şan-şöhratydyr. Günsaýyn gözelleşip, ak mermere beslenýän Aşgabadyň, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň we beýleki şäherlerdir obalaryň nurana keşbini synlan her bir adam mukaddes Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyzyň ýürek arzuwyna göz ýetirýär.

Batyr BERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi.