Mälim bolşy ýaly, ertir hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň belent tutumlary bilen galkynýan ýurdumyzda ähli halkymyz agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny toýlar. Ata Watanymyzyň ähli welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde aýdym-sazyň joşguny belentden ýaňlanar. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Her ýyl baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bu maslahatda ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda asuda ýaşaýşynyň belent derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli kararlaryň birnäçesi kabul edildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň mähriban paýtagtymyzyň ak mermere beslenen keşbine ornan baýramçylyk öwüşginleri Aşgabadyň toý joşgunyny özboluşly şöhlelendirýär. Ak şäherimiziň nurana köçeleriniň, şaýollarynyň ugrundaky elektron tablolarda ruhubelent şygarlaryň, «Garaşsyz Türkmenistana 33 ýyl» ýazgylarynyň ýazylmagy, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna bökdençsiz hyzmat edýän döwrebap awtobuslaryň ýüzünde: «Halk Maslahaty: bagtyýar geljek, täze maksatlar», «Döwlet adam üçindir!», «Pyragyň arzuwlan zamany geldi», «Biz bilelikde beýik geljegimizi gurýarys!», «Halk Maslahaty: demokratiýanyň we jebisligiň aýdyň ýoly» ýaly ajaýyp şygarlar bilen bezelmegi bolsa halkymyzyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere buýsanjyny goşalandyrýar.